HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi

Fewral 07, 2024 | 16:51 |8652
Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow öz ýurdunyň paýtagtyndaky iri ýylylyk elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn durmagy bilen bagly iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna hoşallyk bildirdi.Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow öz ýurdunyň paýtagtyndaky iri ýylylyk elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn durmagy bilen bagly iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna hoşallyk bildirdi.
Çeşme: orient.tm

Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow öz ýurdunyň paýtagtyndaky iri ýylylyk elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn durmagy bilen bagly iberilen dostluk kömegi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna hoşallyk bildirdi. Ol bu barada 7-nji fewralda Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýatdy.

2000 tonnadan ybarat dostluk kömegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy boýunça dostluk kömegi hökmünde iberildi. Ýakynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen telefon söbetdeşliginda iberilen kömek üçin hoşallyk bildir.

Žurnalistler bilen bolan söbetdeşlikde ilçi Azizbek Madmarow iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşçulyk gatnaşyklary barada durup geçdi. Bellenişi ýaly iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli esasda gepleşikleri geçirmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykardy. Şeýle hem ýurtlaryň energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşyk edýändikleir bellendi.

1.JPEG

Türkmenistan Gyrgyzystan elektrik energiýaysny, awtoulag ýangyjyny we awiasiýa kerosini iberýär. Türkmenistandan Gyrgyzystana eksport eidlýän harytlaryň hatarynda gurluşyk serişdeleri, dokma we oba hojalyk önümleri hem bar. Türkmenistanda ösdürilen ýyladyşhana pomidary gyrgyz bazarynyň 70-80 göterimine golaýyny düzýär. Öz gezeginde Gyrgyzystan Türkmenistana elektrik enjamlary, yşyklandyryjy lamaplary, diodlary we ýarym geçirijileri, himiýa önümlerini eksport edýär.

Umuman Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygy artýar. Ilçiniň sözlerine görä, 2023-nji ýylda iki ýurduň 100 million dollara babarabar söwda dolanyşygynyň amala aşyrylandygy çaklanylýar. Şunda heniz doly güýjünde ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Geçen ýyl ilçihana Türkmenistanyň raýatlaryna köp sanly işewürlik wizasyny resmileşdirdi.

Ilçi şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda geçirilen işewürlik maslahatyna gatnaşmaga 20-den gowrak gyrgyz kompaniýasynyň gelendigini ýatlady. Ilçiniň zölerine görä. iki ýuduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösmegini dowam etdirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026