

"Anadolu" habarlar agentligi talyp hakly magistrlik we doktorlyk okuwlaryny hödürleýär
Türkiýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan "Anadolu" habarlar agentligi magistrlik we doktorlyk okuwlaryna okajaklara talyp haklaryny bölüp berer.


Türkiýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan "Anadolu" habarlar agentligi magistrlik we doktorlyk okuwlaryna okajaklara talyp haklaryny bölüp berer.


Russiýada planetalar arasy kosmos uçuşy boýunça halkara synag barlag tejribesi geçirilýär. "SIRIUS-23" diýlip atlandyrylýan bu taslama 365 gün dowam eder.


Apple kompaniýasy 16 ýurtda we sebitde Iphone 14 we 15 smartfonlaryny ulanyjylara gyssagly hemra aragatnaşygyna tölegsiz elýeterliligi ýene-de 1 ýyl möhlet bilen uzaltdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni 16-njy noýabrda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalarynyň toplumyny gurmak taslamalary bilen tanyşdy we ýolbaşçylar bilen iş duşuşygyny geçirdi.


Tagtabazar-I ýatagynda (Garabil-Badhyz nebit-gaz sebiti) gündelik akymy 226 müň kub metrden gowrak tebigy gaz bolan täze guýy, senagat akymyny ýüze çykaryldy. Bu aralykda, Galkynyş ýatagyndaky geçirilen buraw işleri gözleg guýusyndan günde 1,7 million kub metr tebigy gazy almaga mümkinçilik berdi.


Türkmenistan we Saud Arabystany Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň indiki, 7-nji mejlisini geçirmegiň senesi barada ylalaşdylar.


Ýewropanyň abraýly «Diplomatic World» žurnalynyň 72-nji sanynda dünýädäki syýasy, ykdysady we medeni proseslere esasy gatnaşyjy hökmünde Türkmenistana aýratyn üns berildi.


Hasabat döwründe Türkmenistanyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek baradaky borçnamalarynyň halkara hukuk binýady güýçlendirildi.


Hytaý-türkmen hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň ulag we logistika hyzmatdaşlygy baradaky kiçi komitetiniň ilkinji mejlisi penşenbe güni 16-njy noýabr, Pekinde geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümi şeýle hem demirýollary, howa, awtoulag, deňiz we derýa ýollary agentlikleriniň we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň wekillerini öz içine aldy.


Sloweniýanyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy" ady bilen Mary şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.


Aşgabat şäheriniň Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Akdepe hyzmat” hojalyk jemgyýeti “Iner” haryt nyşanly mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň websaýtynda habar berilýär.


Aşgabatda “Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” CASCA+ halkara multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza döwletleriň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady.


Gazagystanyň maliýeçileriniň Almaty şäherinde geçýän XI Kongresiniň çäklerinde milli pul birligi – “Sanly tenge” ilkinji gezek dolanyşyga girizildi. Bu barada Gazagystanyň Milli bankynyň metbugat gullugy habar berýär.


14-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazara «Jet A-1» kysymly uçar kerosini (tonnasy 841,50 dollar) ýerlenildi.