Habarlar

Baharda Aşgabatda talyplaryň arasynda matematika we informatika boýunça halkara olimpiadalar geçirilerBaharda Aşgabatda talyplaryň arasynda matematika we informatika boýunça halkara olimpiadalar geçiriler

Baharda Aşgabatda talyplaryň arasynda matematika we informatika boýunça halkara olimpiadalar geçiriler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 3-8-nji mart aralygynda matematika boýunça IV halkara olimpiadany geçirer, 15-20-nji aprelde bolsa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti informatika boýunça II halkara olimpiadasyny gurar. Mundan başga-da Türkmenistanyň nebit we gaz ugurly bu ýokary okuw mekdebinde 19-njy aprelde ylmy-amaly maslahat we talyplaryň gözleglerine bagyşlanan sergi geçiriler.

2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Änewiň gözel ýerleri täze myhmanlara garaşýar2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Änewiň gözel ýerleri täze myhmanlara garaşýar

2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Änewiň gözel ýerleri täze myhmanlara garaşýar

Şenbe güni, 6-njy ýanwarda geçirilen türkmen Hökümetiniň mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanyp geçirilmeli çärelere görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy. Wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Prezident Serdar Berdimuhamedowa türki ýurtlarynyň medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda meýilleşdirilen forumlaryň, sergileriň we konsertleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Magtymgulynyň doglan güni mynasybetli 2024-nji ýyldaky esasy halkara çäreler yglan edildiMagtymgulynyň doglan güni mynasybetli 2024-nji ýyldaky esasy halkara çäreler yglan edildi

Magtymgulynyň doglan güni mynasybetli 2024-nji ýyldaky esasy halkara çäreler yglan edildi

Üstümizdäki ýylda Türkmenistanda görnükli türkmen şahyry we filosofy, döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň hazynasyny baýlaşdyran Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan iki sany möhüm halkara forumy geçiriler. Bu oktýabr aýynda Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýan sammit we maý aýynda medeniýet ministrlerini bir ýere ýygnajak halkara maslahatdyr.

Ankara şäherinde ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildiAnkara şäherinde ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

Ankara şäherinde ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ankaranyň Sosial Ylymlar Uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Halkara ylmy maslahat geçirildi.