HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ emeli aňyň kömegi bilen döredilen oýlap tapyşlara patent berer – ýöne ...

Fewral 15, 2024 | 12:12 |6417
Amerikanyň Birleşen Ştatlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen oýlap tapyşlara patent berer. Bu ýagdaýda oýlap tapyjy diňe adam bolup biler.Amerikanyň Birleşen Ştatlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen oýlap tapyşlara patent berer. Bu ýagdaýda oýlap tapyjy diňe adam bolup biler.
Çeşme: 3dnews.ru

Amerikanyň Birleşen Ştatlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen oýlap tapyşlara patent berer. Bu ýagdaýda oýlap tapyjy diňe adam bolup biler.

ABŞ-nyň patent we haryt nyşanlary boýunça edarasy (United States Patent and Trademark Office USPTO) patent bermek üçin emeli aňyň gatnaşmagynda döredilen taslamalara adamyň goşýan goşandynyň ähmiýetini kesgitlemegiň düzgünlerini düşündirdi.

«Emeli aňy ulanmak arkaly oýlanyp tapylan oýlap tapyşlar boýunça gollanma» diýlip atlandyrylan resminamada: «Emeli aň bilen döredilen oýlap tapyşlar düýbünden patentlenmese-de, oýlap tapyş prosesiniň derňewi adamyň goşandyna gönükdirilmelidir, çünki patentler adamyň oýlap tapyjylygyny höweslendirmek we sylaglamak üçin hyzmat edýär» diýlip, bellenilýär. Resminama jemgyýetçilik pikir alyşmalarynyň netijelerine esaslanyp taýýarlandy: raýatlardan bu mowzuk boýunça 11 soraga jogap berilmegi haýyş edildi, 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolsa USPTO teklipleriň taslamasyna teswirleri kabul edip başlady.

Emeli aň ulgamlary özbaşdak patent alyp bilmeýärler – degişli kanun oýlap tapyjynyň diňe fiziki şahs bolup biljekdigini kesgitleýär.

Resminamada emeli aň üçin wezipeleriň emele getirilmegine möhüm goşant goşan dalaşgäre hem patentiň berlip bilinjekdigi tassyklanýar. Şeýle hem edara arza berijiden emeli aňyň oýlap tapyşa gatnaşygy baradaky maglumatlary bermegini talap etmeýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026