Habarlar

Türkmenistanyň tranzit boýunça teklibi kontinental söwda gatnaşyklaryny ösdürerTürkmenistanyň tranzit boýunça teklibi kontinental söwda gatnaşyklaryny ösdürer

Türkmenistanyň tranzit boýunça teklibi kontinental söwda gatnaşyklaryny ösdürer

Türkmenistan ulag we logistika hyzmatlarynyň teklibi bilen dünýä bazaryna girýär we bu teklip häzirki wagtda gaty möhüm we ähmiýetlidir. Harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin ykdysady taýdan uly girdejili ugurlary ulanmagy teklip etmek bilen, ýurt sebitdäki söwda gatnaşyklarynyň güýçlenmegine itergi berýär, bu bolsa, öz gezeginde kontinental söwda gatnaşyklarynyň ösmegi üçin möhüm şert bolup, soňky ýyllarda döwletleriň arasynda azalan söwda mukdaryny ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Muny "Türkmendemirýollary" agentliginiň başlygy Azat Atamyradow "Durnukly ulag - durnukly ösüşe goşant" atly halkara maslahatda belledi.