HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň “Hormatly iş ýaşulusy” boldy

Fewral 26, 2024 | 07:05 |5418
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany şanly 70 ýaş toýy mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany şanly 70 ýaş toýy mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakdy.
Çeşme: rbc.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany şanly 70 ýaş toýy mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

“Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ýaşuly nesle hormat goýmak däplerine eýerip, türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandyňyzy, halklarymyzyň jebisligine, gülläp ösmegine gönükdirilen aladaňyzy göz öňünde tutup, şeýle hem şanly 70 ýaş toýuňyz mynasybetli, jenap Rejep Taýyp Ärdogan, Size Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyny dakmak barada karara geldik” diýlip, hatda bellenýär.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň gutlagynda döwletara hyzmatdaşlygyny alyp barmakda hemişe “Bir millet — iki döwlet” diýen esasy ýörelgä esaslanylýandygyny belledi.

“Söwda-ykdysady ulgamda ýyl-ýyldan täze derejeleriň gazanylýandygyny aýtmak ýakymlydyr. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýan iň esasy ýurtlarynyň biri bolup durýar. Köp sanly türk kompaniýalary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalara gatnaşmak bilen, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmäge we durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýarlar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gutlag hatyny iberdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026