Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymgulynyň mirasy barada filmiň bir bölegi Britaniýadaky kitaphanada düşüriler

Fewral 26, 2024 | 19:04 |12502
Beýik Britaniýanyň kitaphanasy “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly dokumental filmiň bir böleginiň düşürilýän ýeri bolar.Beýik Britaniýanyň kitaphanasy “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly dokumental filmiň bir böleginiň düşürilýän ýeri bolar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Beýik Britaniýanyň kitaphanasy “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly dokumental filmiň bir böleginiň düşürilýän ýeri bolar. Onda Beýik Britaniýanyň Milli kitaphanasynda saklanylýan beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, bu ýerde işleýän işgärleriň gürrüňleri we bu ýerde düşüriljek täsirli kino lentalary filmiň esasyny düzer.

1-2.jpg

Türkmen kino öndürijileriniň Londona saparyny guramak meseleleri Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ýazmyrat Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen geçiren duşuşygynda maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni habar berdi.

Bulardan başga-da, “British Library” kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli golýazmalar institutynyň we beýleki kitaphanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

2-1.jpg

Duşuşygyň dowamynda “British Library” kitaphanasynyň gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hem-de “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitap sowgat berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026