

«Geljegiň oýunlary» her ýylda geçirilip bilner
Tatarstanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegiň oýunlary» köpugurly sport ýaryşy her ýylda geçirilýän çärä öwrülip biler. Degişli karar barada bäsleşigiň ýolbaşçysy Igor Stolýarow habar berdi.


Tatarstanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegiň oýunlary» köpugurly sport ýaryşy her ýylda geçirilýän çärä öwrülip biler. Degişli karar barada bäsleşigiň ýolbaşçysy Igor Stolýarow habar berdi.


Daşary işler ministri Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti ýekşenbe güni özara gyzyklanylýan temalar boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.


Lilah Porjes tarapyndan esaslandyrylan "Procode_Dress" brendi döredijiligi we programmirlemäni birleşdirmek arkaly robotlaşdyrylan ellerde hem-de 3D çaphana usulynda lybaslary döredýär. Şeýle usulda taýýarlanylan ilkinji lybaslar toplumy Nýu-Ýorkda geçirilen moda hepdeliginde görkezildi.


"Scientific Reports" žurnalynda ýakynda çap edilen ylmy işde beýan edilişi ýaly, bürünç asyryna degişli Ahemeniler döwründen hem irki eýran siwilizasiýasyna degişli ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan goýy gyzyl garyndyny özünde jemleýän gadymy çüýşe gaby häzirki zaman makiýažynyň ähli aýratynlyklaryny öz içine alýar.


2023-nji ýylyň bütin dowamynda Türkmenistandan Özbegistanyň gözel ýerlerine syýahat eden jahankeşdeleriň sany 100,3 müň adama barabar boldy. Bu görkeziji bilen Türkmenistan geçen ýylda Özbegistana syýahat eden jahankeşdeleriň ýurt boýunça bölünişiginde öňdäki 6-njy orny eýeledi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Statistika komitetine salgylanyp, upl.uz neşiri habar berýär.


Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 21-24-nji fewral aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 14-nji mejlisine gatnaşdy.


Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýaponiýa degişli Kuma atly tropiki adanyň töwereginde Ýuwaş ummanynyň suwuna çümüjiler bu çäkde täsin deňiz jandarynyň ýaşaýandygyna üns berdiler.


Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalary bolan 164 ýurduň söwda ministrleri we gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary 26-29-njy fewral aralygynda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek 13-nji Ministrler maslahatyna gatnaşarlar.


21-nji fewralda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) durmuşa geçirilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezi umumy mukdary 962094 ýewro bolan ýöriteleşdirilen okuw we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny aldy.


1-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň uly zalynda “Bahar joşguny” atly konsert geçiriler. Ol bahar paslynyň gelmegine we 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ähli aýal-gyzlara bagyşlanýar.


Anna güni Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda "Azerbaýjan aşhana sungaty we medeniýeti" ady bilen çäre geçirdi.


Gümrük kanunçylygyna täze girizilen kadalar, daşar ykdysady işi amala aşyrmagyň meseleleri Ahal welaýat gümrükhanasynyň binasynda geçirilen Eksport we import amallary boýunça pudagara duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki konsullyk edarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabynyň çapdan çykmagy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi.


Ýakyn wagtda türkmen wekiliýeti Almaty, Şymkent we Astana şäherlerine hem işewürlik saparlaryny amala aşyrarlar.