

Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
Maý aýynyň iň soňky ýekşenbesinde Türkmenistan dabaraly ýagdaýda özüniň ajaýyp milli baýramlarynyň birini — Türkmen halysynyň baýramy belleýär. Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi dabaralaryň merkezine öwrüldi, bu ýerde nusgawy mirasyň dürdänelerini we häzirki zaman awtorlarynyň ajaýyp işlerini özünde jemleýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandy



















