HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fitch Ratings agentligi Türkmenistanyň reýtingini «BB-» derejesinde “Durnukly” çaklamasy bilen tassyklady

Iýul 23, 2026 | 17:55 |5882
Fitch Ratings halkara reýting agentligi Türkmenistanyň emitentiniň uzak möhletleýin defolt reýtingini «BB-» derejesinde tassyklady, çaklama bolsa «Durnukly» görnüşinde saklandyFitch Ratings halkara reýting agentligi Türkmenistanyň emitentiniň uzak möhletleýin defolt reýtingini «BB-» derejesinde tassyklady, çaklama bolsa «Durnukly» görnüşinde saklandy
Çeşme: Getty Images

Fitch Ratings halkara reýting agentligi Türkmenistanyň emitentiniň uzak möhletleýin defolt reýtingini «BB-» derejesinde tassyklady, çaklama bolsa «Durnukly» görnüşinde saklandy. Agentligiň bilermenleriniň bellemegine görä, ýurduň maliýe durnuklylygynyň esasy daýanjy örän güýçli döwlet býujeti, döwlet bergisiniň iň pes derejesi we ägirt uly walýuta ätiýaçlyklary bolup durýar.

Fitch Ratings bilermenleriň bahalandyrmagyna görä, Türkmenistanyň daşarky likwidlik görkezijileri iň ýokary derejede berk ýagdaýyny saklaýar.

Fitch Ratings resmi hasabatynda Türkmenistanyň ýokary maliýe durnuklylygyny üpjün edýän esasy makroykdysady artykmaçlyklar aýratyn bellenilýär. Şolaryň biri — döwlet bergisiniň örän pes derejesidir. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli döwlet bergisi jemi içerki önümiň (JIÖ) 2,7 göterimine çenli peseler. Deňeşdirmek üçin, «BB» reýting toparçasyndaky ýurtlaryň ortaça görkezijisi 52,1 göterime deňdir.

Şeýle hem Türkmenistanyň borçnamalaryny ygtybarly ýerine ýetirýändigi bellenilýär. 2027-nji ýylda daşary ýurt bergisine hyzmat etmek üçin çykdajylar ýurduň häzirki daşarky girdejileriniň bary-ýogy 3,9 göterimini düzer. Bu bolsa degişli reýting toparçasyndaky ýurtlaryň ortaça görkezijisinden takmynan dört esse (14,1%) pesdir.

Ýurduň uzak möhletleýin maliýe durnuklylygynyň esasy binýady dünýäde tebigy gazyň iň uly gorlarynyň dördünjisine eýe bolmagydyr. Fitch Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň giňelmeginde iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň esasy ösüş hereketlendirijisi boljakdygyny belleýär. Hususan-da, 2026-njy ýylyň aprel aýynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň başlanmagy ýurduň ýyllyk gaz önümçilik kuwwatyny ýene-de 10 milliard kub metr artdyrmaga mümkinçilik berer.

Agentligiň bilermenleri döwletiň alyp barýan syýasatynyň durmuş-ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendigini hem nygtaýarlar. Şeýle hem, bar bolan ätiýaçlyk serişdeleriniň geljekde-de milli senagaty ösdürmek hem-de döwrebap infrastruktura desgalaryny gurmak maksady bilen netijeli peýdalanylmagyny dowam etdirer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026