HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şanhaýda Teslanyň energiýa tygşytlaýjy önümçiliginiň megafabrikasynyň gurluşygy maýda başlanar

Aprel 20, 2024 | 21:14 |6079
Teslanyň Megapack atly energiýa saklaýjy kuwwatly akkumulýatorlaryň öndüriljek megafabrikasynyň gurluşygyna maý aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Bu fabrika Şanhaýda gurlar.  Onuň köpçülikleýin öndürilmegine 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýar.Teslanyň Megapack atly energiýa saklaýjy kuwwatly akkumulýatorlaryň öndüriljek megafabrikasynyň gurluşygyna maý aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Bu fabrika Şanhaýda gurlar.  Onuň köpçülikleýin öndürilmegine 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýar.
Çeşme: news.cgtn.com

Teslanyň Megapack atly energiýa saklaýjy kuwwatly akkumulýatorlaryň öndüriljek megafabrikasynyň gurluşygyna maý aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Bu fabrika Şanhaýda gurlar. Onuň köpçülikleýin öndürilmegine 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýar.

Energiýa saklaýjylary öndürjek bu kärhana Teslanyň ABŞ-nyň çäklerinden daşyndaky ilkinji fabrikasy bolar. Bu megafabrika Lingan etrabynyň erkin söwda zolagynda ýerleşer.

Megapack – bu uly göwrümli akkumulýator batareýasy. Ol elektrotory durnukly işletmäge we elektrotoruň bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge ukyplydyr. Fabrika ýylda 10 müň sany Megapacky öndürmäge ukyplydyr. Megapackyň her blogy 3,9 megawatt sagatdan gowrak energiýany saklaýar. Mundan başga-da, 200 blokdan ybarat Megapack bir million kilowat sagat saklaýar. Bu bolsa San Fransiskony 6 sagadyň dowamynda elektroenergiýa bilen üpjün etmäge ýeterlik bolar.

Tesla 2015-nji ýyldan bäri energiýa tygşytlaýjy önümçilik bilen meşgullanyp gelýär. Onuň önümleri dünýäniň 65 ýurdunda hyzmat edýär. Olaryň umumy kuwwaty bolsa, 10 gigawatt sagatdan gowrakdyr. 2023-nji ýylda kompaniýanyň energiýa saklaýjy önümçilikden alan girdejisi 4 esse artdy.

Häzirki wagtda Şanhaýda eýýäm Teslanyň elektromobil öndürýän kärhanasy bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026