HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen telekeçileri üçin maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirer

Aprel 20, 2024 | 21:39 |5406
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky 6-8-nji maýda telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek boýunça okuw maslahatyny geçirer.Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky 6-8-nji maýda telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek boýunça okuw maslahatyny geçirer.
Çeşme: mybiz63.ru

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky 6-8-nji maýda telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek boýunça okuw maslahatyny geçirer.

Okuw maslahaty Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler.

Iň gowy halkara tejribesine we bilimine esaslanýan bu okuw maslahaty maliýe çözgütlerini kabul etmegiň ýörelgeleri, maliýe hasabatlaryny düzmegiň we olary seljermegiň inçe tärleri bilen tanyşdyrar.

Maliýe serişdeleri telekeçilik işini üstünlikli alyp barmakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Işiňiziň maliýe ýagdaýyna düşünmek, size maliýe resminamalaryny seljermäge, dogry çözgütleri kabul etmäge we maliýe serişdeleriniň amatly çeşmelerini tapmaga ýardam berer.

Dalaşgärler bäsdeşlik esasynda saýlanyp alnar. Okuw maslahatyna gatnaşmak üçin şu ýüztutmany 2024-nji ýylyň 29-njy apreline çenli dolduryň.

Okuw maslahatyny 15 ýyllyk tejribesi bolan halkara maslahatçy Nair Markapýan geçirer. Ol Ermenistanda dolandyryş konsalting institutynyň müdiriýetiniň prezidenti we maslahat beriş kompaniýanyň eýesi.

Okuw maslahatyna gatnaşmak tölegsizdir. Ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026