

Aşgabat GDA-nyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan edildi
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda, anna güni türkmen paýtagtynda geçirilen mejlisinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem Hökümet baştutanlary Bedenterbiýe we sport geňeşine başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.




















