Habarlar

Türkmen wekilleri Belgiýada ÝB-niň daşary syýasaty boýunça tälim aldylarTürkmen wekilleri Belgiýada ÝB-niň daşary syýasaty boýunça tälim aldylar

Türkmen wekilleri Belgiýada ÝB-niň daşary syýasaty boýunça tälim aldylar

Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri 13-24-nji maý aralygynda Belgiýanyň Brýugge şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň diplomatlary we resmi adamlary üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça guralan ýörite okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi  geçdiAşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi  geçdi

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçdi

24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Kuçkarow, Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralarynda hemişelik doly ygtyýarly wekili, ilçi Razmik Humarýan, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.