Habarlar

USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnadyUSAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady

USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) alty sany surdoterjimeçisi üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady. 12-nji we 22-nji aprel aralygynda geçirilen bu sapar Türkmenistanda eşidiş ukyby pes bolan adamlara has-da gowy hyzmat etmekleri üçin surdoterjimeçileriň başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.