Habarlar

Türkmen wekilleri Belgiýada ÝB-niň daşary syýasaty boýunça tälim aldylarTürkmen wekilleri Belgiýada ÝB-niň daşary syýasaty boýunça tälim aldylar

Türkmen wekilleri Belgiýada ÝB-niň daşary syýasaty boýunça tälim aldylar

Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri 13-24-nji maý aralygynda Belgiýanyň Brýugge şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň diplomatlary we resmi adamlary üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça guralan ýörite okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi  geçdiAşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi  geçdi

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçdi

24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Kuçkarow, Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralarynda hemişelik doly ygtyýarly wekili, ilçi Razmik Humarýan, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Aşgabat GDA-nyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan edildiAşgabat GDA-nyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan edildi

Aşgabat GDA-nyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan edildi

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda, anna güni türkmen paýtagtynda geçirilen mejlisinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem Hökümet baştutanlary Bedenterbiýe we sport geňeşine başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildiKeramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi

Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi

Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi. Kärhana, öziniň jebis toparynyň bir bölegi bolmaklyga taýýar şeýle-de onuň ynamly ösüşine goşant goşjak, maksadaokgunly, tejribeli we sowatly hünärmenleri gözleýär

Non finito tomaşaçynyň gözi bilen: Yzzat Gylyjowyň suratlarynda Italiýanyň özüne çekijiligiNon finito tomaşaçynyň gözi bilen: Yzzat Gylyjowyň suratlarynda Italiýanyň özüne çekijiligi

Non finito tomaşaçynyň gözi bilen: Yzzat Gylyjowyň suratlarynda Italiýanyň özüne çekijiligi

22-nji maýda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Yzzat Gylyjow we Italiýa” atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyşa daşary ýurtly ilçiler we halkara guramalaryň wekilleri, türkmen medeniýetiniň görnükli wekilleri, şol sanda meşhur suratkeşleri, sungaty öwrenijiler we beýleki ýörite myhmanlar gatnaşdy.