Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi


Astrahanda gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi. Baýramçylyk dabarasy Türkmenistandan gelen wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan.ş) tarapyndan gurnaldy.

Çärä, Astrahan döwlet uniwersitetiniň seýilgähinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparyny şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlary aýdyp çykyş etdiler. W.N. Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde okaýan Türkmenistanly talyplar Magtymguly Pyragynyň rus we türkmen dillerinde goşgularyny okadylar.

Medeni çärä Astrahan sebitiniň Daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Ilýa Wasilýewiç Tropitsin, döredijilik sapary bilen Astrahana gelen Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdýewiň ýolbaşçylygyndaky suratkeşler topary şeýle hem W.N. Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde okaýan Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.
ORIENT news








