HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Botswanada taryhda ululygy boýunça ikinji iri almaz daşy tapyldy

Awgust 24, 2024 | 00:05 |11065
Botswanada Kanadanyň Lucara Diamond kompaniýasynyň käninde ägirt uly almaz daşy tapyldy. Şu wagta çenli tapylanlaryň arasynda ululygy boýunça ikinji bolup, bu almaz daşynyň agramy ýarymkilograma deňdir. Has takygy, daşyň agramy – 2 892 karat (takmynan 498,4 gr).Botswanada Kanadanyň Lucara Diamond kompaniýasynyň käninde ägirt uly almaz daşy tapyldy. Şu wagta çenli tapylanlaryň arasynda ululygy boýunça ikinji bolup, bu almaz daşynyň agramy ýarymkilograma deňdir. Has takygy, daşyň agramy – 2 892 karat (takmynan 498,4 gr).
Çeşme: Lucara Diamond

Botswanada Kanadanyň Lucara Diamond kompaniýasynyň käninde ägirt uly almaz daşy tapyldy. Şu wagta çenli tapylanlaryň arasynda ululygy boýunça ikinji bolup, bu almaz daşynyň agramy ýarymkilograma deňdir. Has takygy, daşyň agramy – 2 892 karat (takmynan 498,4 gr).

Taryhçylara belli bolan almazlaryň arasynda ol diňe bir “Kullinan” (620 gr) daşyna orun berýär. “Kullinan” 1905-nji ýylda Günorta Afrikada tapyldy we granlama üçin dokuz sany aýry daşlara ownadylandyr. Häzirki wagtada olaryň köpüsi britan monarhlarynyň hökümet nyşanlaryny bezäp, Londonyň Tauerynda saklanylýar.

Täze almaz daşy Botswananyň paýtagt şäheri Gaborondan takmynan 500 km demirgazygynda tapylandyr. BBC-niň maglumatlaryna görä, ýurduň häkimiýeti, günorta Afrika ýurdundan tapylan bu almaz daşy iň ulysy diýlip, habar berilýär.

Lucara_Diamond_Corp__LUCARA_RECOVERS_EPIC_2_492_CARAT_DIAMOND_FR.jpg

Şu wagta çenli Botswanada tapylan iň iri almaz daşynyň agramy 1 758 karat (352 gr) deňdi, we ol bäş ýyl mundan ozal, 2019-njy ýylda şol bir kände tapylandyr. Ol Fransiýanyň "Louis Vuitton" modalar öýüne satyldy. Geleşigiň bahasy açyklanmaýar.

Şol bir kände 2016-njy ýylda tapylan agramy 1 109 karat bolan almaz tapylandan bir ýyl geçen soň londonly zergär, Graff Diamonds kompaniýasynyň başlygy Lourens Graffa 63 mln $ satyldy.

Botswana dünýäde iň iri almaz öndürijileriniň biridir. Dünýäde satylan bäşden bir almaz hut şu ýurtda tapylandyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026