TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa önümlerine we gurluşyk materiallaryna uly isleg bildirildi
Awgust 24, 2024 | 08:48 |8051


Anna güni, 23-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa önümlerine we gurluşyk materiallaryna uly isleg bildirildi.
Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewürler topary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýnasyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 162 500 manada we 828 250 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news








