Habarlar

Türkmenistan bilen Zambiýa bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan bilen Zambiýa bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Zambiýa bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistan bilen Zambiýanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýokary bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda talyp alyş-çalşygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň bilim ulgamynyň degişli hünärmenleri bu çäräniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin ähmiýetini nygtaýan gepleşiklere gatnaşdy.

Ýokary okuw mekdepleriniň strategiýalary: QS we THE reýtinglerinde üstünlige ýetmegiň ýollaryÝokary okuw mekdepleriniň strategiýalary: QS we THE reýtinglerinde üstünlige ýetmegiň ýollary

Ýokary okuw mekdepleriniň strategiýalary: QS we THE reýtinglerinde üstünlige ýetmegiň ýollary

Daşkent şäherinde Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent Döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ programmasynyň çäklerinde möhüm halkara seminary geçirildi. Bu çäre Özbegistanyň Ýokary okuw bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi bilen bilelikde guraldy. Onlaýn okuw seminar "Ýokary okuw mekdepler üçin Halkara QS we THE reýtinglerine gatnaşmak boýunça ýollary" atly tema bagyşlanyp, ýokary bilim ulgamynyň halkara reýtinglerine goşulmagyň ýollaryny we mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen guraldy.

Küşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldyKüşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldy

Küşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldy

Budapeştde (Wengriýa) geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynyň 8-nji tapgyrynda Türkmenistan topary 1-nji we 2-nji tagtalarda halkara derejeli ussat Saparmyrat Atabaýewiň we grossmeýster Meýlis Annaberdiýewiň ýeňişleri, şeýle hem 4-nji tagtada Allaýar Şirliýewiň deňme-deň oýnamagy netijesinde Islandiýany (ekiş sany – 46; ortaça reýting – 2483) 2,5: 1.5 hasabynda ýeňdi.