HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Yslam ösüş banky bilen geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 20, 2024 | 20:50 |13917
Penşenbe güni, 19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyñ Yslam ösüş bankynyñ başlygy Muhammad Al-Jasser bilen geçiren duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika we ulag ýaly ugurlar boýunça Türkmenistanyñ Yspam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Penşenbe güni, 19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyñ Yslam ösüş bankynyñ başlygy Muhammad Al-Jasser bilen geçiren duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika we ulag ýaly ugurlar boýunça Türkmenistanyñ Yspam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: twitter.com/isdbinstitute

Penşenbe güni, 19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyñ Yslam ösüş bankynyñ başlygy Muhammad Al-Jasser bilen geçiren duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika we ulag ýaly ugurlar boýunça Türkmenistanyñ Yspam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany eýýäm 20-den gowrak iri taslamalara gatnaşýan YÖB bilen hyzmatdaşlygyñ ähmiýetine aýratyn üns çekip, halkyñ saglygynyñ berkidilmegine we arassa energetika pudagynyñ ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlary barada aýratyn belläp geçdi.

Myhman hyzmatdaşlygyñ esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirip, Yslam ösüş bankynyñ döredijilikli syýasaty geçirýän we göwrümli durmuş-ykdysady özgerişliklerini amala aşyrýan Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyñ berkidilmegine taýýardygyny bildirdi diýip, "TDH" habar berýär.

Duşuşygyñ dowamynda energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak we multimodal ulag geçelgelerini döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistan halkara daşalmalaryna we ulag infrastrukturasynyñ ösdürilmegine, şol sanda Türkmenbaşynyñ Halkara deñiz portunyñ kuwwatlygynyñ ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýän taslamalara YÖB-niñ gatnaşmagy boýunça tekliplerine seretmäge taýýar.

Anna güni, 20-nji sentýabrda Yslam ösüş bankynyñ prezidenti Al-Jasser Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

DIM-de geçirilen gepleşikleriñ dowamynda Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyñ işlenilip düzülmegine aýratyn üns berildi. Munuñ bilen bilelikde orta we kiçi telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we konsultatiw hyzmatlar boýunça Türkmenistanyñ banklary we hususy bölegi bilen YÖB-niñ netijeli gatnaşyklaryny berkitmek üçin mümkinçilikleriñ bardygy nygtaldy.

Şol gün YÖB-niñ prezidenti Türkmenistanyñ ykdysady gazananlaryna bagyşlanan sergisine baryp gördi.

Aşgabada YÖB-niñ wekiliýetiniñ saparynyñ dowamynda Bankyñ prezidenti Mohammad Al-Jasser bilen Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyñ hem-de Türkmenistanyñ Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyñ arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar saglygy goraýyş, telearagatnaşyk we infrastruktura ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar. Türkmenistanyñ ykdysadyýetiniñ diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de 2022-2052-nji ýyllarda ösüşiñ milli meýilnamasyna laýyklykda tagallalaryñ utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi.

2024-nji ýylyñ iýunynda YÖB-niñ ýerine ýetiriji direktorlar geñeşi gatnaşyjy ýurtlarda täze taslamalaryñ maliýeleşdirilmegi üçin 369 mln amerikan dollaryny makullady. Maliýeleşdirmegiñ çäklerinde onkologiýa merkezleriniñ gurulmagy we lukmançylyk işgärleriñ okadylmagy üçin Türkmenistan 156 mln pul möçberini aldy. Taslama ýokary hilli onkologiýa hyzmatlaryny almaga mümkinçilikleri artdyrmak bilen, stasionar kömeginiñ möçberini 33 % ýokarlandyryp, her ýyl 11 750 ýarawsyzlar üçin bejerişiñ hilini ýokarlandyrýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026