Habarlar

Maryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildiMaryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

Maryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

9-njy sentýabrda Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşigi we Germainýanyň Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýerwopa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyñ üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth on Climate Change, LCOY) geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdiBMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi. Resminama BMG-niň ähli agza-ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylyp, onuň awtordaşy bolup 87 ýurt çykyş etdi.