HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Abu-Dabide forum: maýa goýum mümkinçilikleri barada maslahatlaşmak we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin meýdança

Noýabr 07, 2024 | 21:10 |8285
Abu-Dabide “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýär. Oňa hökümet edaralarynyň we işewürligiň wekilleri gatnaşýar.Abu-Dabide “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýär. Oňa hökümet edaralarynyň we işewürligiň wekilleri gatnaşýar.
Çeşme: orient.tm

Abu-Dabide “Türkmenistanyň täjirçilik, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Bütindünýä forumy” geçirilýär. Oňa hökümet edaralarynyň we işewürligiň wekilleri gatnaşýar.

Forum esasy işi ösüp barýan bazarlarda durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilen Nielsonsmith kompaniýasy Nielsonsmith kompaniýasy bilen bilelikde guralan.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, ýurduň nebit, gaz, energetika pudaklaryndaky kuwwatlygy – gatnaşyjylaryň üns merkezindedir.

Şeýle-de bilermenler Türkmenistanyň maliýe, bank işi we ätiýaçlandyrma ugurlaryndaky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenler ykydsadyýeti ösdürmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde ýurduň ykdysady görkezijileriniň we maliýe ýagdaýynyň durnuklylygynyň ýokarlanýandygyny, maýa goýum we işewür şertleriň gowulanýandygyny bellediler.

Ýangyç-energetika toplumynyň pudaklary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy we düzüm emele getirji pudagy hasaplanylyp, bu babatda energiýa göterijileriniň gözleg, gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport işi boýunça giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär. Ýangyç-energetika pudagy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi dowam etdirilýär, bu bolsa zähmet bölünişiginiň halkara ulgamyna goşulyşmagyna we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Energiýa netijeliligine we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek – Türkmenistanyň senagat syýasatynyň orta möhletleýin geljekdäki esasy ugurlarydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026