HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar

Noýabr 07, 2024 | 09:55 |8798
Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy.Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy.
Çeşme: blogtravel.by

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň belleýşi ýaly, respublika TDG-niň çäklerinde sanly integrasiýa işini çaltlaşdyrmaga çalyşýar.

Onuň aýtmagyna görä, Gyrgyzystan elektron söwdanyň, ulag we logistik amallarynyň ýeňilleşdirilmegine, şeýle hem sanly standartlaryň we şahadatnamalaryň bilelikdäki ykrar edilmegine gyzyklanma bildirýär. Şeýle-de Guramanyň beýleki gatnaşyjy-ýurtlary bilen bilelikde respublika elektron gollaryň bilelikdäki ykrar etmek gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen resminalary işläp taýýarlaýar.

“Gyrgyzystanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde sanly tehnologiýalar ulgamynda, esasan hem, döwlet hyzmatlary we emeli aň boýunça bilelikdäki barlaglara goldaw beriler” – diýip, Sadyr Žaparow belledi.

6-njy noýabrda Bişkekde “Türki dünýäsini güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly geljek we hemmeler üçin howpsuzlyk” atly mowzuk bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky XI Sammiti geçirilýär. Sammitiň işine Guramanyň bäş sany gatnaşyjy-ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlary, şeýle hem TDG-niň synçy-ýurtlaryň – Türkmenistanyň we Wengriýanyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türki Döwletleriň Guramasynyň mejlisiniň netijeleri boýunça Türki dünýäsiniň Hartiýasynyň kabul edilmegi baradaky Karara we ýene-de 7 sany resminama gol çekildi. Gyrgyzystan Gazagystandan başlyklygy kabul etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026