HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmentel-2024»: Tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler

Noýabr 07, 2024 | 10:50 |7209
14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.
Çeşme: old.eurasiatoday.ru

14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

«Türkmenel—2024» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Gresiýa, Irlandiýa, Belgiýa, Awstriýa, Beýik Britaniýa, Liwan, Belarus, Hindistan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzstan, Gazagystan, Owganystan ýaly ýurtlaryň 70-e golaý kompaniýasynyň 200-e golaý wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şol sanda, «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bü¬tin¬dün¬ýä poçta birleşmesi» (UPU), Sanlary we Domen atlary berkitmek boýunça Internet – korporasiýasy (ICANN) ýaly abraýly halkara guramalaryň wekilleri hem gatnaşar. Forum ýerli we daşary ýurtly alymlar, bilermenler we işewürler üçin sanly transformasiýa, telekommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlarda tejribe alyşmak üçin innowasiýa platformasyny döreder.

Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt—2024» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşiginiň jemi jemlener. Bu ýerde ýaş IT hünärmenler öz sanly çözgütlerini işewürler jemgyýetine görkezmäge mümkinçilik alarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026