Habarlar

Hyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşyHyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy

Hyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy

Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çäre energetika pudagynyň durnukly ösüşine we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurtly maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilen sebit dialogynyň pugtalandyrylmagy üçin meýdança bolup, ol dünýä energetikasynda soňky tendensiýalar barada maglumatlary hödürlär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-a gitdiTürkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-a gitdi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-a gitdi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary 30-njy sentýabrda, duşenbe güni başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekillerini öz içine alýar. Wekiliýete Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etýär.