

Dagystanda II Hazar sanly forumy açylýar
Hazarýaka ýurtlarynyň wekilleri Demirgazyk-Günorta ulag geçelgelerniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.


Hazarýaka ýurtlarynyň wekilleri Demirgazyk-Günorta ulag geçelgelerniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.


Türkmenistanyň wekiliýeti 29-njy oktýabrda Wenada geçirilen ÝHHG-nyň Ykdysady we ekologiýa ölçeglerini durmuşa geçirmek boýunça maslahatyna (EEDIM) gatnaşdy. Ykdysady we ekologiýa çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan gurnalan we Maltanyň ýolbaşçylygyndaky çäre, öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin gatnaşyjy döwletleriň wekillerini we hünärmenleri birleşdirdi.


Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçisi Nury Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň ýanyndaky Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň birinji orunbasary Ulan Kimsanow bilen duşuşdy.


30-31-nji oktýabr aralygynda, Hazarýaka döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň “Işjeň Hazar” atly XXI işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça Halkara Geňeşiniň mejlisi geçirilýär


30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirdi.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyga” laýyklykda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan iki sany ylmy tema boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar


Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi (TSTB) goldawy bilen Türkmenistanda işewürlikden täjirçilige (B2B) onlaýn bazar bolan ALSAT, ýurduň ähli sebitlerdäki senetçiler we işewürler üçin elektron söwda mowzugy boýunça birnäçe çykyş guraýar


Özbegistanyň Samarkand we Buhara welaýatlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak başlangyjynyň çäklerinde galdyrylan pyýada geçelgeleri ornaşdyrylyp başlady


Tatarystan Respublikasynyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň “Hazine” çeperçilik galereýasynda türkmen suratkeşi Berdiguly Amansähedowyň “Başlangyç-sazlaşyk-kämillik: filosofiki dünýägaraýyş” atly şahsy sergisi açyldy.


Hytaý düzüminde üç taýkonawtly “Şençžou-19” älem gämisini özüniň “Týangun” orbita stansiýasyna ýollady. China Daily-nyň habar bermegine görä, goýberiş 30-njy oktýabrda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmodromyndan pekin wagty boýunça sagat 04:27 “Çançžen-2F” raketa-göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.


Aşgabat şu ýylyň 3-5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET 2024) atly Halkara maslahaty we sergini kabul etmäge taýýarlanýar. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek üç günlük çäräniň guramaçylary hökmünde “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi çykyş edýärler.


29-njy oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa pudagynyň, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy.


Gazagystan Türkmenistandan tebigy gazyň import edilmeginiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşýar. Bu barada LS habarlar agentligi belleýär.


Düyn paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi


USAID-iň häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek boýunça (YDA) taslamasynyň frilansa (şertnamasyz uzak aralykdan gysga möhletli iş) bagyşlanan täze okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu maksatnama, ýerli we halkara bazarlarda uzakdan üstünlikli işlemek üçin başarnyklaryny ösdürmek isleýän ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.