HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA ýurtlarynyñ Täze ýyl arçalary: Türkmenistanyñ baş arçasy ýene-de iñ beýigi boldy

Dekabr 28, 2024 | 09:30 |8258
Gyşky baýramçylyklaryñ gelmegi bilen, GDA ýurtlarynyñ paýtagtlary aýdyñ yşyklar bilen ýalpyldap ugrady, merkezi meýdançalarda bolsa owadan Täze ýyl arçalary bezeldi. Olaryñ her birisi özboluşly owadandyr hem-de beýikligi bilen haýran galdyrýar. Orient habarçysy GDA ýurtlarynyñ Täze ýyl arçlary bilen tanyşdyrýar.Gyşky baýramçylyklaryñ gelmegi bilen, GDA ýurtlarynyñ paýtagtlary aýdyñ yşyklar bilen ýalpyldap ugrady, merkezi meýdançalarda bolsa owadan Täze ýyl arçalary bezeldi. Olaryñ her birisi özboluşly owadandyr hem-de beýikligi bilen haýran galdyrýar. Orient habarçysy GDA ýurtlarynyñ Täze ýyl arçlary bilen tanyşdyrýar.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Gyşky baýramçylyklaryñ gelmegi bilen, GDA ýurtlarynyñ paýtagtlary aýdyñ yşyklar bilen ýalpyldap ugrady, merkezi meýdançalarda bolsa owadan Täze ýyl arçalary bezeldi. Olaryñ her birisi özboluşly owadandyr hem-de beýikligi bilen haýran galdyrýar. Orient habarçysy GDA ýurtlarynyñ Täze ýyl arçlary bilen tanyşdyrýar.

GDA-nyñ iñ beýik arçasyndan başlaly. Aşgabatdaky "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniñ meýdançasynda bezelgi duran 44 metrlik owadan ýaşyl arça ýene bu ada mynasyp boldy. Onuñ bezeginde 4 müñden gowrak oýnawaç hem-de 55 müñ ýagtylyk çyrajyklary ulandy. Arçanyñ daşynda yşyk bezegleri, tematiki heýkelleri ýerleşdirilendir.

Ikinji ýerde Ermenistan dur. Ýerewanda 37 metrlik baş arçanyñ yşyklaryny 5-nji dekabrda ýakdylar. Onuñ bezegleri altyn we kümüş bölekler bilen milli nagyşly ermeni stilde ýerine ýetirilen.

1 Ermenistanyň täze ýyl arçasy.jpg

Üçünji ýerde Özbegistan dur. Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdançasynda beýikligi 35m bolan arçany oturtdylar. Onuñ bezegi milli özbek äheñlerini we häzirki zaman tehnologiýalary özünde jemleýär. Arçanyñ daşynda baýramçylyk ýarmarkalary, attraksionler we dynç-alyş zolaklar ýer aldy.

2 Özbegistanyň täze ýyl arçasy.jpg

Azerbaýjan dördünji ýeri eýeleýär. 2024-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda Bakuñ merkezindäki meýdançasynda 34 metrlik baş arçany oturtdylar. Ol birnäçe kilometr bezeg çyrajyklar we on müñlerçe oýnawaçlar bilen bezelen. Çyrajyklañ ýakylmagy feýerwerkden we yşyklar şowhunyndan ybarat bolan baýramçylyk agşamynyñ esasy pursady boldy.

3 Azerbayjanyň täze ýyl arçasy.jpg

Bäşinji orunda Gyrgyzystan ýerleşdi. 14-nji dekabrda Bişkekdäki Ala-Too meýdançasynda 32 metrlik arçanyñ yşyklary ýakyldy. Onuñ bezegleri 4 müñ oýnawaçdan we ýalpyldaýan çyrajyklardan ybarat. Çyrajyklary ýakmak pursady artistleriñ we çagalaryñ toparlarynyñ çykyşlary bilen utgaşdyryldy.

4 Gyrgyzstanyň täze ýyl arçasy.jpg

Altynjy ýerde Belarus gelýär. 8-nji dekabrda Minskiñ Oktýabr meýdançasynda 30 metrlik owadan arçany oturdyp, ol paýtagtyñ esasy gyşky ajaýyplygy boldy. Onuñ bezegi 3,2 km çyra bezeglerini öz içine alýar.

5 Belarusyň täze ýyl arçasy.jpg

Täze ýyl arçasynyñ beýikligi boýunça ýedinji orny Täjigistan eýeledi. 10-njy dekabrda Duşanbeniñ Garaşsyzlyk meýdançasynda beýikligi 30 metr bolan arçany oturdylar. Onuñ bezegi owadan illýuminasiýadan we baýramçylyk oýnawaçlaryndan ybarat. Arçanyñ daşynda Täze ýyl erteki şäheri ýerleşdirilip, onda arkalar, gar adamlar hem-de Aýaz babanyñ öýi döredildi.

6 Täjigistanyň täze ýyl arçasy.jpg

Sanawdaky sekizinji ýeri Russiýa bilen Gazagystan paýlaşdylar. 15-nji dekabrda Moskwanyñ Kremliñ Sobor meýdançasynda beýikligi 25 m bolan arça oturdyldy. Ony saz gurallary şeklindäki oýnawaçlar we 1,2 km-lik çyra bezegleri bilen bezediler.

7 Russuýanyň täze ýyl arçasy.jpg

7-nji dekabrda bolsa Astanada beýikligi 25 m bolan arça oturdylyp, ol milli nagyşlar we häzirki zaman yşyklar bilen bezelen.

8 Gazagystanyň täze ýyl arçasy

GDA ýurtlarynyñ her bir Täze ýyl arçasy täsirli ýatlamalar galar ýaly gyşky dynç alyş döwründe gezelenç etmäge bir sebäpdir.

ORIENT NEWS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026