

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýada iş saparda
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlady.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlady.


Iteca Exhibitions Halkara sergi kompaniýasy Türkmenistanyň dokma, trikotaž we tikin önüm öndürijilerini “TextileExpo Uzbekistan 2025” atly 24-nji Halkara sergisine çagyrýar. Sergi 2025-nji ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda Daşkent şäherinde geçiriler diýip, Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 8-nji dekabrda geçiriljek “Winter Cup 2024” atly intellektual bäsleşiginiň geçiriljekdigini habar berdi. Bäsleşige gatnaşmak tölegsiz.


Ýurtda bedenterbiýäni we sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek hem-de sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanda talyplaryň arasynda phygital we kibersport boýunça ýaryşlar yglan edildi.


Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir. Akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmeklige gönükdirilendir» diýen sözlerinden ugur alyp Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen baglanyşykly döwletimizde düýpli işler alnyp barylýar.


Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu guramaçylykly geçirilen çäräniň baş maksady Türkmenistanda hytaý diliniň öwredilişine ýardam bermek bolup, berlen kitaplar institutyň talyplary üçin uly sowgat boldy.


Hytaý Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyñ Assosiasiýasy (ASEAN), Merkezi Aziýa, BRICS (dokuz döwletiñ bileleşigi: Braziliýa, Russiýa, Hindistan, HHR, GAR, BAE, Eýran, Müsür we Efiopiýa) ýurtlary we Şanhay Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ agza-ýurtlary bilen sanly söwda ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär.


28-nji noýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we ýeñil senagaty önümleri satyldy.


Bu gezelençler gatnawlaryň arasyndaky wagty 6-24 sagada çenli ýetýän ýolagçylar üçin niýetlenen. Gatnaşyjylara howa menzilinden esasy syýahatçylk ýerlere çenli mugt ulag, şeýle hem ýol belediň hyzmatlary we günortanlyk nahary hödürlenilýär. Maksatnamanyň ugurlarynyň arasynda – meşhur Sultanahmet meýdançasyna, Aýa-Sofiýa, Topkapy köşgüne we beýleki ajaýyplayklara gezelençler bar.


Noýabr gutarsa-da, arzanladyş dowam edýär! «Perzent» bilim merkeziniň giňemeginiň şanyna gyş tapgyryň diňleýjileri okuwlaryň bahasyndan 40% çenli tygşytlap biler.


2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-na Agabatda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda "Modern" atly sergi açylar.


Gruziýanyň parlament deputatlary premýer-ministr Irakliý Kobahidzeniň ýolbaşçylygynda hökümet düzümini tassyklady. Şeýle-de, parlament ýakyn dört ýyl üçin onuň meýilnamasyny hem tassyklady.


25-nji noýabrda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparynyň (EAG) 41-nji plenar hepdesi Indore (Hindistan) başlandy
EMS mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy “Türkmenpoçta”-nyň hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak we müşderileriň ähli derejeleri üçin hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak islegini tassyklaýar.


Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet saparyny gazak-rus gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm pursadyny alamatlandyrýan taryhy waka diýip atlandyrdy. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” halkara maglumatlar agentligi habar berýär.