HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda adamlaryň we robot-gumanoidleriň ilkinji marafony geçiriler

Ýanwar 21, 2025 | 13:10 |7164
2025-nji ýylyň aprel aýynda Pekinde dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirilip, oňa şol bir wagtyň özünde adamlar we adamlaşdyrylan robotlar gatnaşar.2025-nji ýylyň aprel aýynda Pekinde dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirilip, oňa şol bir wagtyň özünde adamlar we adamlaşdyrylan robotlar gatnaşar.
Çeşme: 3dnews.ru

2025-nji ýylyň aprel aýynda Pekinde dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirilip, oňa şol bir wagtyň özünde adamlar we adamlaşdyrylan robotlar gatnaşar.

Dasin etrabynda geçiriljek bu özboluşly wakanyň 12 müňe golaý ylgamak boýunça türgenleri we onlarça adamlaşdyrylan robotlary ýygnajakdygyna garaşylýar. Olar 21 km uzaklykda ýaryşarlar. Ýaryşa 20-den gowrak kompaniýalaryň robotlary gatnaşar.

Gatnaşyjylara bildirilýän esasy talap tigirleri ulanman, iki aýakda hereket etmek üçin mehaniki gurluşa eýe bolmakdyr. Robotlaryň boýy 0,5-2 m aralygynda bolup, olaryň awtonom ýa-da uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi bolmaly. Ýaryşyň dowamynda batareý çalyşmaga rugsat berilýär.

Marafon Hytaýyň emeli aňy we robototehnikany ösdürmek boýunça gerimli maksatnamasynyň bir bölegi bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026