Habarlar

BMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýärBMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýär

BMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) “Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça institusional we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldyTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.

“La Gazette de Monaco” neşiri Monte-Karloda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna bagyşlanan makalany çap etdi“La Gazette de Monaco” neşiri Monte-Karloda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna bagyşlanan makalany çap etdi

“La Gazette de Monaco” neşiri Monte-Karloda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna bagyşlanan makalany çap etdi

“La Gazette de Monaco” abraýly neşiri öz makalasyny Monte-Karlodaky 47-nji Halkara sirk festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşynyň üstünligine bagyşlap çap etdi. Bütin dünýäniň iň gowy sirk artistleriniň ýaryşýan festiwalynda “Galkynyş” topary “Altyn masgarabaz” iň ýokary baýragyny eýeledi.