HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ganja şäherinde GDA ýurtlarynyň III oýunlaryny geçirmäge taýýarlanýarlar

Mart 03, 2025 | 13:10 |4774
Azerbaýjanyň Bakudan soň ululygy boýunça ikinji orunda duran Ganja şäherinde 2025-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň III oýunlaryny geçirmäge taýýarlanmagy dowam edýärler. Bu barada Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň (parlament) deputaty Muşfig Jafarow parlamentiň umumy mejlisinde habar berdi.Azerbaýjanyň Bakudan soň ululygy boýunça ikinji orunda duran Ganja şäherinde 2025-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň III oýunlaryny geçirmäge taýýarlanmagy dowam edýärler. Bu barada Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň (parlament) deputaty Muşfig Jafarow parlamentiň umumy mejlisinde habar berdi.
Çeşme: report.az

Azerbaýjanyň Bakudan soň ululygy boýunça ikinji orunda duran Ganja şäherinde 2025-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň III oýunlaryny geçirmäge taýýarlanmagy dowam edýärler. Bu barada Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň (parlament) deputaty Muşfig Jafarow parlamentiň umumy mejlisinde habar berdi.

Abatlaýyş-dikeldiş işleriň çäklerinde Ganjadaky şäheriň içindäki ýollar asfalt bilen örtülýär, kwartallaryň abadanlaşdyrylmagy boýunça işler başlandy. Şeýle hem, şäher stadionynyň dikeldiş işlerini tamamlanmagy meýilleşdirýärler.

Deputat Ganja şäheriniň senagat parkynyň ornuna üns çekdi. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysady zolaklary ösdürmek agentligi meşgullanýar. Ganja şäheriniň senagat parky onuň durmuş-ykdysady ösüşine ep-esli derejede täsir edip bilýär. Täze iş orunlaryň döredilmeginden we iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagyndan başga-da, ol ýerli önümçiligiň we senagatyň ösüşine öz goşandyny goşar.

Park Ganja şäheriniň möhüm logistika we senagat merkezi hökmünde kemala gelmeginde ýardam eder.

GDA ýurtlarynyň oýunlary 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň başlangyjy bilen esaslandyryldy hem-de gatnaşyjy-döwletleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlarynyň sanynyň artdyrmagyna hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň sport infrastruktura desgalarynyň özara bähbitli ulanylmagyna gönükdirilendir.

Olar iki ýyldan bir gezek 10 günüň dowamynda geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026