HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

PETRONAS kompaniýasynyň talyp haklaryna arzalaryň kabul edişligi açyldy

Mart 03, 2025 | 12:20 |8957
“PETRONAS Çarigali Türkmenistan Sdn.Bhd.” Malaýziýanyň doly integrirlenen nebitgaz köpmilli kompaniýasy türkmenistanlylara Malaýziýanyň “PETRONAS” tehnologiýa uniwersitetinde aşakdaky ugurlar boýunça bilim almak üçin doly talyp haklaryny hödürleýär:“PETRONAS Çarigali Türkmenistan Sdn.Bhd.” Malaýziýanyň doly integrirlenen nebitgaz köpmilli kompaniýasy türkmenistanlylara Malaýziýanyň “PETRONAS” tehnologiýa uniwersitetinde aşakdaky ugurlar boýunça bilim almak üçin doly talyp haklaryny hödürleýär:
Çeşme: reccessary.com

“PETRONAS Çarigali Türkmenistan Sdn.Bhd.” Malaýziýanyň doly integrirlenen nebitgaz köpmilli kompaniýasy türkmenistanlylara Malaýziýanyň “PETRONAS” tehnologiýa uniwersitetinde aşakdaky ugurlar boýunça bilim almak üçin doly talyp haklaryny hödürleýär:

Inženerçilik işi:

Himiýa inženerçiligi

Nebitgaz obýektlerinde inženerçilik desgalaryň gurulmagy

Kompýuter inženerçiligi

Elektrik tehnikasy we elektronika

Materiallary öwrenişiň inženerçiligi

Mehaniki enjamlar

Nebit maşyn gurluşygy

Hasaplaşyklar:

Maglumat ulgamlar

Maglumat tehnologiýalary

Kompýuter ylymlary

Işewürligi dolandyrmak

Ylym:

Amaly himiýa

Nebit geologiýasy

Ähli synaglaryň we söhbetdeşlikleriň üstünlikli geçmeginde kompaniýanyň siziň arza beren ugruňyzdan tapawutly ugur boýunça tekliplerini hödürlemäge hukugy bar.

Arzalary himiýa, matematika we fizika dersleri boýunça tapawutly bahalar bilen orta mekdebi tamamlan 17-25 ýaş aralygyndaky şahslar tabşyryp biler.

Gyzyklanýan şahslar dalaşgäriň doldurylan şahsy maglumatyny tabşyrmaly: 3x4 ölçegindäki 10 (on) sany foto surat; içerki we biometriki (hereket ediş möhleti – 24 aýdan köp) pasportlaryň nusgalary; orta mekdebi tamamlandygy barada attestat ýa-da mekdepde ýetişik baradaky kepilnama; harby biletiň nusgasy, eger bar bolsa. Şeýle hem, olar iňlis dili baradaky bilimlerini tassyklaýan şahadatnamalary hem tabşrymaly: (TOEFL (Iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde bilýändigi barada synag) ýa-da IELTS (Halkara iňlis dili synag ulgamy) – iň pes baha: IELTS 5.0 ýa-da TOEFL iBT 50 ball).

Arzalar “UTP Intake 2025” belgisi bilen Türkmenistan, Aşgabat ş., 744027, Türkmenbaşy şaýoly, j.81 (B bina) salgy boýunça “PETRONAS Çarigali Türkmenistan Sdn.Bhd.” kompaniýanyň edarasyna tabşyrylmaly.

Arzalaryň kabul edilýän möhleti – resmi metbugatda çap edilenden 2 hepdäniň dowamynda.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312398000

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026