Habarlar

Özbegistanda «ýaşyl» energiýanyň paýyny 16%-den 26%-e çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýärÖzbegistanda «ýaşyl» energiýanyň paýyny 16%-den 26%-e çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär

Özbegistanda «ýaşyl» energiýanyň paýyny 16%-den 26%-e çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär

27-nji ýanwarda geçirilen maslahatda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, daşky gurşawy goramak we «ýaşyl ykdysadyýet» Ýylynyň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny gözden geçirdi. Täze maksatnama boýunça «ýaşyl» energiýanyň paýyny ýylyň ahyryna çenli 26%-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistan we Owganystan TАП-500 elektrik geçiriji taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlarTürkmenistan we Owganystan TАП-500 elektrik geçiriji taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistan we Owganystan TАП-500 elektrik geçiriji taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistanyň energetika ministrliginiň halkara elektrik energetika taslamalary Müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen TOP-500 taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Owezow we iki ýurduň beýleki resmi wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Eurasia Today» habar berýär.