HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin Hytaý ilkinji ýük otlusyny goýberýär

Mart 12, 2025 | 10:50 |2943
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň Çendu administratiw merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin ilkinji ýük otlusy ugradyldy.Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň Çendu administratiw merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin ilkinji ýük otlusy ugradyldy.
Çeşme: flagma.cn

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň Çendu administratiw merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin ilkinji ýük otlusy ugradyldy.

Bu möhüm ädim 2025-nji ýylyň 12-nji martynda amala aşyryldy. Ulanylan awtoulaglar bilen ýüklenilen otly Çendu halkara demir ýol portundan Özbegistanyň Daşkent şäherine ugrady. Otlunyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Horgos gözegçilik-geçiriş nokadynda serhedi geçip, Gazagystanyň Almaty şäheriniň üsti bilen 12 günden soňra Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar.

Bu ugruň işledilmegi daşamalaryň wagtyny awtoýol daşamalar bilen deňeşdirilende üçden bir bölegi möçberinde ep-esli derejede azaldar hem-de harytlaryň ýitmek howplaryny peselder.

Çendu – Hytaýda ulanylan awtoulaglaryň eksporty bilen meşgullanyp başlan ilkinji şäherleriň biridir. 2024-nji ýylda ilkinji otlunyň ugran şäheri bolan Şuanlýudaky ulanylan awtoulaglaryň bazasy 6 müňden gowrak awtoulagy eksport etdi, eksport söwdasynyň möçberi bolsa 1 mlrd ýuana ýakynlaşdy.

Geljek iki ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglaryň eksport möçberiniň ýylda 30% gowrak ösmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026