

Günorta Koreýada bolan uçar heläkçiliginde iki adam diri galdy
Günorta Koreýanyň Muan şäherinde Boeing 737 ýolagçy uçarynyň heläkçiligi netijesinde 179 adam pida boldy, diňe iki adam diri galdy diýip, “Renhap” agentligi habar berýär


Günorta Koreýanyň Muan şäherinde Boeing 737 ýolagçy uçarynyň heläkçiligi netijesinde 179 adam pida boldy, diňe iki adam diri galdy diýip, “Renhap” agentligi habar berýär


Beýik akyldar we türkmen şyyrýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynyň sungat işgärleri, nusgawy şahyryň eserini öwrenijiler Owganystanyň Hyrat şäherine baryp gördüler


28-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy


Aşgabatda mümkinçilgi çäkli adamlar üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. 30-dan gowrak maşgala täze, amatlyklary bolan jaýlaryň açarlaryny aldy


Dünýäniñ iñ köp ýurtlaryna uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýasy hökmünde 2012-nji ýyldan bäri bu ady saklap gelýän Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasynyñ bu üstünligi Ginnesiñ rekordlar kitabyna bellige alyndy. THY Ginnesiñ rekordlar kitabyna "Iñ köp ýurtlara uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýasy" ugur boýunça öz adyny girizdi.


240 ýyldan gowrak Birleşen Ştatlaryň nyşany bolan ak başly bürgüt ýurduň resmi milli guşy boldy. Degişli resminama Jo Baýden gol çekdi. Ak başly bürgüdiň nyşany ABŞ-nyň döwlet resminamalarynda 1782-nji ýyldan başlap ulanylyp başlandy.


Daşoguz şäherinde 400 orunlyk häzirki zaman enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we sagaldyş merkeziniň gurulmagy meýilleşdirilýär.


"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 30-njy dekabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryň ýatyrylýandygyny ýolagçylara habar berdi.


Dekabryň başynda Russiýa Federasiýasy raýatlary Russiýa bitewi elektron wiza boýunça gelip bilýän ýurtlaryň sanyny 64-e çenli giňeltdi. Sanawa Barbados, Butan, Zimbabwe, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago, Türkmenistan, Eswatini ýaly ýurtlar girizildi.


5G özgerişiň we 6G innowasiýalaryň öňe sürülmegi geljek ýylda Hytaý hökümetiniň ileri tutýan ugurlarynyň biridir.


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlyk gullugy TMCELL öýjükli aragatnaşyk operatorynyň abonentlerine gysga habar arkaly Täze ýyl gijesinde howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň wajyplygy barada habar etdiler.


Minisforum MDSA 156 täze portatiw monitory 1080p giňeldilmegi bilen iki sany 15,6 duýmlik IPS-displeýi görnüşinde açylyp bilinýär. Bu iki displeý 315 dereje aýlama burçly şarnir bilen birikdirilen. Aşaky ekran egme burçyny sazlap bilýän oturdylan aşagyna goýulýan enjam bilen enjamlaşdyrylan.


Awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işlär. Şeýle hem paýtagtymyzda taksileriň işi gije-gündiz düzgüninde guralar.


Latwiýa ýük ulagyň girişi üçin täze düzgünleri girizdi. Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginden Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy düzgünlere giriziljek üýtgetmeler barada resmi habary aldy.


27-nji dekabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.