Türkmenistanda inçekesel boýunça milli elektron hasaba alyş ulgamyny ulanmak boýunça okuwlar geçirildi


Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) Ýurt edarasy Türkmenistanyñ kliniki we barlaghana gulluklarynyñ hünärmenleri üçin inçekesel boýunça milli elektron hasaba alyş ulgamyny (TB-RRIS) ulanmak boýunça okuwlary geçirdi.
Okuwlar 2025-nji ýylyñ 24-28-nji martynda BSGG-niñ Ýewropa sebit edarasynyñ bilermenleriniñ Türkmenistana amala aşyran saparynyñ çäklerinde guraldy.
Bilermenler inçekesel boýunça milli elektron hasaba alyş ulgamyna (TB-RRIS) tehniki taýdan baha berip, bu ulgamyñ mundan beýläk-de kämilleşmegi boýunça degişli maslahatlary berdiler. Şeýle hem, ýurduñ beýleki welaýatlarynyñ lukmançylyk edaralarynda bu elektron maksatnamasyny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Inçekesel boýunça sanly hasaba alnyş we hasabatlar ulgamy (TB-RRIS) inçekeseliñ bejerişiniñ gidişine hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmäge hem-de lukmançylyk işgärlere maglumatlaryñ esasynda netije çykarmaga mümkinçilik berÿär.
ORIENT








