HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Mars daşy” Osakada geçiriljek Bütindünýä sergisinde görkeziler

Mart 28, 2025 | 10:38 |3631
Ýaponiýanyň Kansaý prefekturasynda ýerleşýän Osaka şäherinde geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisinde giň köpçülige ilkinji gezek görkeziljek özboluşly mars meteoriti sergilener.Ýaponiýanyň Kansaý prefekturasynda ýerleşýän Osaka şäherinde geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisinde giň köpçülige ilkinji gezek görkeziljek özboluşly mars meteoriti sergilener.
Çeşme: news.tougoku.com

Ýaponiýanyň Kansaý prefekturasynda ýerleşýän Osaka şäherinde geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisinde giň köpçülige ilkinji gezek görkeziljek özboluşly mars meteoriti sergilener.

“Mars daşy” ady bilen belli bu meteorit 2000-nji ýylda ýapon ylmy-barlag ekspedisiýasy tarapyndan Antarktidada tapyldy. Onuň regbi topuna deň ölçegleri bar, agramy bolsa 13 kg. Bu hem ony onlarça müň ýyl mundan ozal Ýere düşen Marsyň iri we belli meteoritleriniň birine öwürýär.

Meteorit jikme-jik öwrenildi we onuň Marsdan gelip-çykyşy düzümindäki inert gazlaryň derňewi netijesinde tassyklandy.

Meteoriti saklaýan Tokiodaky Milli polýar ylmy-barlag institutynyň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň müdiri edil 1970-nji ýylyň Osaka Expo sergisinde “Aý daşy” bilen bolşy ýaly, bu eksponatyň hem adamlary Älem-jahanyň we planetamyzyň täsinlikleri barada oýlanmaga ruhlandyrar diýip, umyt bildirdi.

Meteorit Ýaponiýanyň pawilýonynda sergi 2025-nji ýylyň oktýabrynda ýapylýança sergilener.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026