

Hytaýda slanes nebitiň iki sany iri ýataklary ýüze çykaryldy
Hytaýda umumy gorlary 180 mln tonna barabar bolan slanes nebitiň iki sany iri ýataklary ýüze çykaryldy. Munuň özi ýurduň energetika pudagy üçin möhüm waka boldy.


Hytaýda umumy gorlary 180 mln tonna barabar bolan slanes nebitiň iki sany iri ýataklary ýüze çykaryldy. Munuň özi ýurduň energetika pudagy üçin möhüm waka boldy.


3-nji martda, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.


«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.


3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler ilki bilen birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýyň sahawatly günlerinde tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler


Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkanabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimlikleriniň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada Permana gol çekdi


3-nji martda Kataryň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Daşary ykdysady seljeriş we maglumat bölüminiň başlygynyň ýolbaşçylyndaky Türkmenistanyň söwda wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2-nji martda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Tokio marafony – 2025» ýaryşyna gatnaşdy


Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly şahyryň ukrain dilinde çap edilen neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andres bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar


Dünyaniň iň uly awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly bolan TEKNOFEST, 2025-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýär


BOTAŞ bilen “Türkmengaz”-nyň arasynda 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Türkiýä türkmen gazyny iberip başlamak baradaky ylalaşyk, taraplaryň 1990-njy ýyllarda başlanan gepleşiklerden soň gazanan taryhy üstünligidir


2025-nji ýylyñ 23-24-nji apreli aralygynda Astrahanda Hazar sebitiniñ ulag logistikasy 2025" atly halkara forumy geçiriler.


Ýewraziýa ösüş bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Birleşen Arap Emirliklerinden göni maýa goýumlaryň iň uly möçberini özüne çekýär. Ýurduň paýyna BAE-niň sebite çykarýan ähli goýumlarynyň 65,4 % düzýär, bu hem 8 $ mlrd barabardyr.


Barselonada geçirilýän Mobile World Congress dünýäniñ ykjam enjamlar senagatynyñ iri sergileriniñ birinde Hytaýyñ Lenovo kompaniýasy gapagynda gün paneli oturdylan Yoga Solar PC noutbugyñ taslamasy bilen tanyşdyrdy.


15-nji martda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.