HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Aziýanyň kibersport bileleşigindäki täsirini güýçlendirýär

Aprel 14, 2025 | 16:25 |5316
Ýakyn günlerde göni aragatnaşyk arkaly Aziýanyň kibersport federasiýasynyň (AESF) Birinji saýlaw Baş assambleýasy geçirildi.Ýakyn günlerde göni aragatnaşyk arkaly Aziýanyň kibersport federasiýasynyň (AESF) Birinji saýlaw Baş assambleýasy geçirildi.
Çeşme: tmesf.org

Ýakyn günlerde göni aragatnaşyk arkaly Aziýanyň kibersport federasiýasynyň (AESF) Birinji saýlaw Baş assambleýasy geçirildi. Assambleýanyň dowamynda Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasynyň prezidenti Mekan Eýeberdiýew AESF dolandyryşynyň agzasy bolup saýlandy.

Assambleýanyň işine Aziýa ýurtlarynyň milli kibersport federasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (OCA) baş direktorynyň orunbasary jenap Winod Tiwari gatnaşdy. Munuň özi çäräniň ýokary derejesini hem-de kibersportyň ösüşine yklym derejesinde berilýän ähmiýeti açyp görkezýär.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýanyň kibersport birleşigi resmi taýdan esaslandyryldy. Bu bolsa täze sebitleýin edara bolup, sanly sporty ösdürmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Birleşigiň saýlaw Baş assambleýasynyň netijeleri boýunça Mekan Eýeberdiýew Merkezi Aziýanyň Kibersport birleşiginiň wise-prezidenti hökmünde saýlandy. Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasynyň Baş sekretary Nazar Udemyradow Birleşigiň Baş sekretary bolup saýlandy. Bu gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň halkara kibersport hereketiniň işjeň gatnaşyjysy hökmündäki ornunyň ykrar edilmegini açyp görkezýär, şeýle hem hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak hem-de sebt we aziýa derejelerinde sport başlangyçlaryny öňe sürmek üçin täze gözýetimleri açýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026