HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ÝOM-niň mugallymlary “ERASMUS+” taslamasynyň çäginde Slowakiýa iş saparyny amala aşyrdylar

Aprel 14, 2025 | 17:30 |5428
2025-nji ýylyň 5-nji aprelinden 12-nji aprel aralygynda “ERASMUS+” maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat hünärmenler topary Slowakiýanyň Bratislavwa şäherine iş saparyny amala aşyrdy2025-nji ýylyň 5-nji aprelinden 12-nji aprel aralygynda “ERASMUS+” maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat hünärmenler topary Slowakiýanyň Bratislavwa şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Çeşme: bilim.tm

2025-nji ýylyň 5-nji aprelinden 12-nji aprel aralygynda “ERASMUS+” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) taslamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat hünärmenler topary Slowakiýanyň Bratislavwa şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TBM habar berýär.

Saparyň esasy maksady — ekologiýa we jemgyýetçilik çärelerini hem-de netijeli dolandyryş meselelerini öz içine alýan magistratura maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmakdan ybarat boldy. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilýän hyzmatdaş okuw edarasy hökmünde Bratislawa şäherindäki Slowakiýanyň tehnologiýa uniwersiteti (Slovak University of Technology in Bratislava – STUBA) saýlanyldy. Bu gezekki seminar “ESG-niň durnukly senagatda, ýokary bilim bermekde we suw resurslaryny dolandyrmakda amaly ulanylyşy” ady bilen geçirildi.

Taslamanyň gatnaşyjylarynyň hatarynda Italiýanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň hem-de Merkezi Aziýa sebitindäki birnäçe ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bar. Bu halkara taslamanyň ilkinji seminari 2025-nji ýylyň 22–28-nji marty aralygynda Rumyniýanyň Sibiu şäherinde geçirildi.

Okuw sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar döwrebap bilim bermek usullary, okuw maksatnamalaryny döretmekdäki innowasion çemeleşmeler hem-de ekologiýa we dolandyryş ulgamyndaky häzirki zaman halkara tejribesi bilen tanyşdylar.

Mugallymlar nazaryýet bilen amaly başarnyklaryň utgaşdyrylmagynyň, ekologiýa, jemgyýetçilik dolandyryşy we durnukly ösüş ugurlarynda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin aýratyn möhümdigini nygtap geçdiler.

Saparyň çäginde gatnaşyjylar Bratislawa şäherinde ýerleşýän Slovnaft nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gördüler. Bu zawod 1957-nji ýylda gurlup, MOL kompaniýalar toparynyň düzümine girýär. Bu zawodlar toplumy “ýaşyl önümçilik” ýörelgeleri giňden ulanyp, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy has-da işjeňleşdirmegi, şeýle-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Mugallymlar kärhananyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak boýunça strategiýalary bilen tanyşdylar. Bu bolsa ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda hünärmenleri taýýarlaýan bilim edaralary üçin möhüm ähmiýete eýedir.

ESGCA taslamasy öz işini dowam etdirýär we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary bilimiň ösüşine täsir etmek bilen, geljekde halkara derejesindäki ekologik we jemgyýetçilik meselelerini çözmäge ukyply hünärmenleriň täze neslini taýýarlamakda uly rol oýnaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026