HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ÝOM-niň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde suhangöýlük bäsleşigi yglan edildi

Aprel 14, 2025 | 17:50 |3573
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde suhangöýlük bäsleşigi yglan edildiTürkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde suhangöýlük bäsleşigi yglan edildi
Çeşme: education.gov.tm

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde suhangöýlük bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, oňa gatnaşmaga isleg bildirýänler üçin deslapky saýlama tapgyry guralyp, onda her ýokary okuw mekdebinden 3 talyp 3 minutdan köp bolmadyk wagtyň dowamynda iňlis dilinde özi bilen tanyşdyrýan wideo taýýarlap, 2025-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli elekron göterijide “Iňlis dilinde suhangöýlük bäsleşigine” diýen ýazgy bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine ugratmaly. Elektron göterijide wideonyň ýany bilen gatnaşyjy talyplar we olara jogapkär mugallym barada maglumatlary hem (talybyň ady, familiýasy we atasynyň ady, okaýan ýokary okuw mekdebi, fakulteti, hünäri/taýýarlyk ugry, ýyly; jogapkär mugallymyň ady, familiýasy we atasynyň ady, işleýän ýokary okuw mekdebi, wezipesi, telefon belgisi) ýollanmaly.

Saýlama tapgyrynda has tapawutly çykyş eden 1 talyp ikinji (jemleýji) tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Bäsleşigiň ikinji ýagny jemleýji tapgyrynda gatnaşyjy talyplar özlerine mälim bolmadyk temalar boýunça bije çekip, improwizasiýa görnüşinde 3 minudyň dowamynda çykyş ederler.

Jemleýji tapgyr 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 1500-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda geçiriler.

Çykyşlar şu aşakdaky bäş ugur boýunça bahalandyrylar:

-Çykyşyň tema laýyklygy: çykyşlar berlen temadan daşlaşmaly däl, sözlemler dogry düzülen bolmaly;

-Delillendirme: pikirler anyk bolmaly we subutnamalar bilen delillendirilmeli;

-Sözleýiş usuly: artikulýasiýa, sesiň ulanylyşy we sözleýiş medeniýeti;

-Täsir edijiligi: diňleýjilere täsir etmek we olary ynandyrmak başarnygy, mimikasy;

-Wagt düzgünleşdirmesi: çykyş berlen wagt bilen çäklenmelidir, onuň berlen wagtdan artyk bolmagy gatnaşyjynyň utuk sanlarynyň ýarysynyň azalmagyna getirer;

Talyplaryň çykyşlary her tapgyrda 10 utuk bilen bahalandyrylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar 1 sany I orun, 2 sany II orun, 3 sany III orun boýunça kesgitlener.

Ýeňijiler I, II, III derejeli Diplomlar bilen sylaglanarlar. Bäsleşige gatnaşan beýleki talyplara hem Hormat hatlary gowşurylar.

Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen TBM-niň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: +993 64 64 11 64 M.Amanowa.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026