HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“GLOBAL GAP” durnuklylyk standarty: “Ýigit” HJ halkara standartyň we oba hojalyk pudagynyň ösüşine goşandy

Aprel 22, 2025 | 01:15 |6509
“Ýigit” kompaniýasy halkara GLOBAL G.A.P. standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan bolup, durnukly oba hojalygyna hem-de howpsuz, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar“Ýigit” kompaniýasy halkara GLOBAL G.A.P. standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan bolup, durnukly oba hojalygyna hem-de howpsuz, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar
Çeşme: “Ýigit” HJ

“Ýigit” kompaniýasy halkara GLOBAL G.A.P. standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan bolup, durnukly oba hojalygyna hem-de howpsuz, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Bu sertifikatyň 2023-nji ýylda alynmagy kärhananyň ösüşinde şeýle hem öndürilýän gök we bakja önümleriň hiliniň hem-de ygtybarlylygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde möhüm tapgyra öwrüldi.

7.PNG

GLOBAL G.A.P. (Good Agricultural Practices) – azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, zähmeti goramak we oba hojalyk işgärleriniň abadançylygy ýaly ugurlary öz içine alýan oba hojalyk pudagyndaky iň abraýly standartlaryň biridir. Bu standarda laýyklykda sertifikatlaşdyrylmagy, “Ýigit” kompaniýasynyň önümleriniň howpsuzlyk, yzarlanylyşy we serişdeleri durnukly ulanmak boýunça berk talaplara laýyklykda ösdürilýändigini aňladýar.

3.jpg

“Ýigit” kompaniýasynyň QACIS 2025 (“Türkmenistanyň halkara standartlara laýyklykda hil üpjünçiligi”) atly maslahatynda kümüş derejeli hemaýatkär hökmünde gatnaşmagy onuň hil ulgamyndaky syýasatyny açyk görkezýär. Bu şeýle hem halkara tejribesini ýurduň oba hojalygyna ornaşdyrmagyň möhümdigini we pudagyň wekilleri, kadalaşdyryjylar we bilermenleriň arasynda dialogyň zerurdygyny görkezýär. Şeýle başlangyçlary goldamak, ýokary hilli we sertifikatlaşdyrylan oba hojalyk önümlerini ygtybarly üpjün ediji hökmünde Türkmenistany dünýä bazaryna çykarmaga ýardam edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026