HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

KazanForum maslahatynda sanly serhetleriň goraglylygy hem-de kiber hüjümlere garşy göreş barada pikir alyşylar

Aprel 21, 2025 | 11:00 |2727
2025-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumynda sanly serhetleriň goraglylygyna we kiber hüjümlere garşy göreşe aýratyn üns beriler.2025-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumynda sanly serhetleriň goraglylygyna we kiber hüjümlere garşy göreşe aýratyn üns beriler.
Çeşme: dspkazan.com

2025-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumynda sanly serhetleriň goraglylygyna we kiber hüjümlere garşy göreşe aýratyn üns beriler.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin 14-nji maýda halkara maglumat howpsuzlygyna bagyşlanan bölümçäniň geçiriljekdigi barada habar berdi. Bu çäre Ýakyn Gündogaryň, Afrikanyň, şeýle hem Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň musulman ýurtlaryndan gelip gowuşýan hyzmatdaşlyk baradaky haýyşnamalaryna jogap hökmünde guralar.

Werşinin bu döwletler bilen eýýäm hökümetara ylalaşyklaryň baglaşylandygy hem-de rus işläp taýýarlaýjylaryň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini belledi.

Sessiýanyň dowamynda oňa gatnaşyjylar sanly serhetleri goramak, milli maglumat giňişligini düzgünleşdirmek we kompýuter hüjümlere garşy göreşmek boýunça çemeleşmelerine serediler. Hökümet edaralaryndan we öňdebaryjy rus kompaniýalaryndan çykyşlaryň ediljegine, şeýle hem ähli gatnaşyjylara sorag bermek mümkinçiligiň beriljegine garaşylýar. Sessiýa maglumat howpsuzlygy babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin hyzmatdaşlaryň zerurlyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.

“Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumy Russiýanyň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ykdysady özara gatnaşyklarynyň esasy meýdançasydyr.

Ilkinji gezek Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) gatnaşyjy-ýurtlaryň Halkara ykdysady forumy 2009-njy ýylda geçirilip, hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy halkara platformasyny döretdi. Her ýyl gatnaşyjylar baý mazmunly maksatnamasy, netijeli duşuşyklar barada belleýärler, halkara ykdysady forumyň derejesine we barha artýan gerimine ýokary baha berýärler.

Forum baradaky giňişleýin maglumatlar hem-de çärä gatnaşmak üçin hasaba alyş mümkinçiligi https://kazanforum.ru/ saýtynda elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026