Habarlar

Türkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýolyTürkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýoly

Türkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýoly

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB ulag ugry üçin gowy geljegi açýar. Muny Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaralyýew mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şu günki gün bu ugur doly işleýär – Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary eýýäm ony harytlary Ýewropa eltmek üçin ulanýarlar

Aşgabatda şotland medeniýetine bagyşlanan agşam geçirildiAşgabatda şotland medeniýetine bagyşlanan agşam geçirildi

Aşgabatda şotland medeniýetine bagyşlanan agşam geçirildi

24-nji ýanwarda Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy meşhur şotland şahyry we folklorçysy Robert Býornsa, şotland medeniýetine, diline we däp-dessurlaryna bagyşlanan agşam geçirdi. Bu çäre şahyryň doglan güni – 25-nji ýanwara gabatlanyldy, bu gün Şotlandiýada milli baýram hasaplanýar we şahyryň goşgularynda agzalýan naharlaryň adaty tertibine laýyklykda dabaraly günortanlyk nahary bilen bellenýär. Bu nahar, şotland wolynka sazynyň owazy bilen hödürlenip, Býornsyň degişli goşgulary bilen başlanýar

Türkmenistan ÝUNISEF-iň goldawy bilen inklýuziw bilim ulgamyny pugtalandyrýarTürkmenistan ÝUNISEF-iň goldawy bilen inklýuziw bilim ulgamyny pugtalandyrýar

Türkmenistan ÝUNISEF-iň goldawy bilen inklýuziw bilim ulgamyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatdaky synag mekdepleriniň we çagalar baglarynyň dürli ugurlardaky mugallymlary, dolandyryjylary we hünärmenleri üçin ýokary derejeli okuw meýilnamasyny geçirmek arkaly inklýuziw bilimi ösdürmegiň üstünde işlemegini dowam etdirýär. 20-24-nji ýanwar aralygynda geçirilen hünär kämilleşdiriş okuw sapgyna gatnaşyjylaryň inklýuziw tejribäni durmuşa geçirmek we mümkinçiligi çäkli çagalar üçin aýratyn okuw meýilnamalaryny düzmek, olaryň üstünlikli birleşmegi we inklýuziw synplarda okuwyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin başarnyklaryny kämilleşdirdi

“Ýaşamak, ynanmak, söýmek” – Almatydaky baky adam gymmatlyklary baradaky halkara sergi“Ýaşamak, ynanmak, söýmek” – Almatydaky baky adam gymmatlyklary baradaky halkara sergi

“Ýaşamak, ynanmak, söýmek” – Almatydaky baky adam gymmatlyklary baradaky halkara sergi

Almatydaky Abylhan Kasteýew adyndaky Döwlet sungat muzeýinde “Tan Şolpan” halkara garaşsyz zenan suratkeşler gaznasyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Ýaşamak, ynanmak, söýmek” atly halkara sergi geçirilýär. Sergide Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Kanadanyň we ABŞ-nyň suratkeşleriniň ýüzden gowrak eseri hödürlendi

The Beatles toparynyň "Now and Then" aýdymy BRIT Awards 2025 baýragyna dalaşgär boldyThe Beatles toparynyň "Now and Then" aýdymy BRIT Awards 2025 baýragyna dalaşgär boldy

The Beatles toparynyň "Now and Then" aýdymy BRIT Awards 2025 baýragyna dalaşgär boldy

Mastercard tarapyndan guralýan BRIT Awards 2025 baýraklarynyň resmi dalaşgärleri mälim edildi. Bu baýrak, Britaniýanyň pop sazyndaky iň abraýly we taryhy wakalaryň biri bolup, Amerikanyň Grammy baýragynyň deňi hasaplanylýar. BRIT Awards diňe bir iň uly üstünlikleri belläp geçmek bilen çäklenmän, täze zehinleri goldamak üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär