HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"XIX FIEPS" Ýewropa kongresiniň gün tertibine TDBSI-niň ylmy çykyşlary girizildi

Aprel 29, 2025 | 14:55 |2554
Türkiýäniň Antalýa şäherinde 2025-nji ýylyň 24-27-nji apreli aralygynda bedenterbiýe we sport ylymlary ugrundaky täze çemeleşmelere, ylmy tejribelere hem-de ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen "XIX FIEPS" Ýewropa kongresi geçirildiTürkiýäniň Antalýa şäherinde 2025-nji ýylyň 24-27-nji apreli aralygynda bedenterbiýe we sport ylymlary ugrundaky täze çemeleşmelere, ylmy tejribelere hem-de ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen "XIX FIEPS" Ýewropa kongresi geçirildi
Çeşme: bilim.tm

Türkiýäniň Antalýa şäherinde 2025-nji ýylyň 24-27-nji apreli aralygynda bedenterbiýe we sport ylymlary ugrundaky täze çemeleşmelere, ylmy tejribelere hem-de ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen "XIX FIEPS" Ýewropa kongresi geçirildi.

«Kämillige ruhlandyrmak: bedenterbiýe we sport biliminiň geljegini güýçlendirmek» şygary astynda geçen bu kongres FIEPS (Halkara bedenterbiýe federasiýasy) tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy. Kongresiň işine dünýäniň 43 döwletinden takmynan 250 sany wekil gatnaşdy.

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda diplomatik ýollar arkaly Halkara bedenterbiýe federasiýasynyň Ýewropa kongresiniň başlygy Prof. Dr. Neşe Şahiniň ýokary okuw mekdebimize ýollan resmi çakylyk haty esasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan ylmy çykyşlaryň girizilmegi bellärliklidir.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde guralan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyna Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ädim boldy.

FIEPS Ýewropa kongresiniň netijeleri boýunça taýýarlanyljak ylmy neşirleri «Scopus» we «SPORTDiscus» ýaly abraýly halkara indekslerde ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026