Habarlar

Natilus garyşyk ganatly uçary Boeing we Airbus-a garşy çykmana taýýarNatilus garyşyk ganatly uçary Boeing we Airbus-a garşy çykmana taýýar

Natilus garyşyk ganatly uçary Boeing we Airbus-a garşy çykmana taýýar

Kaliforniýadaky Natilus atly aerokosmos başlangyjy Airbus we Boeing ýaly güýçli bäsdeşlerine garşy durup, Horizon atly garyşyk ganatly ýolagçy uçarynyň taslamasyny hödürledi. Ony täze diýip atlandyrmak ulaldylan bolar, sebäbi bu pikir geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan bäri bardy we 70-nji ýyllarda ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň B-1 Lancer atly strategik bomba atyjy uçarynda bölekleýin ulanylypdy.

Emeli añ babatda DeepSeek hytaý startapy ChatGPT-den öñe geçýärEmeli añ babatda DeepSeek hytaý startapy ChatGPT-den öñe geçýär

Emeli añ babatda DeepSeek hytaý startapy ChatGPT-den öñe geçýär

DeepSeek hytaý startapy AppStore-da ýükläp alynmalaryñ sany boýunça OpenAI kompaniýasynyñ ChatGPT-den öñe geçip, Emeli añ bazarynda hakyky üstünlige eýe boldy. R1 ady bilen meşhur bolen DeepSeek "pikirleniş" modeli iñ gysga möhletde - iki aýda 6 mln dollardan pesräk býujet bilen işläp taýýarlandy. Bu möçber bolsa OpenAI we Google kompaniýalaryñ deñeşdirip bolýan ölçeg ulgamyny öwretmäge sarp edilen çykdajylaryñ kiçi bölegidir. Bu bolsa pesräk kuwwatly çipleriñ, ýagny Nvidia H800 2048 emeli añ çaltlaşdyryjy enjamlaryñ peýdalanylmagynyñ netijesinde mümkin boldy.