HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistandaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdepde döredijilik duşuşygy geçirildi

Aprel 30, 2025 | 15:15 |4615
2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdebinde türkmen-täjik dostlugynyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdebinde türkmen-täjik dostlugynyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdebinde türkmen-täjik dostlugynyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çäre Täjigistanyň Ýazyjylar birleşigi, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň administrasiýasy, şeýle hem Täjik türkmenleriň medeni jemgyýeti tarapyndan guraldy. Çärä ýazyjylar, şahyrlar, žurnalistler, bilim we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem mekdep okuwçylary gatnaşdy. 1 Çäräniň çäklerinde Täjigistanyň Ýazyjylar birleşigi täjik awtorlarynyň eserler ýygyndysyny mekdebe sowgat berdi. Türkmenistanyň ilçihanasy, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kitaplaryny sowgat berdi.
2 Gutlag we çuň manyly nutuklary bilen çärede Türkmenistanyň ilçihanasynyň Birinji sekretary A.Baýramow, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Başlygynyň birinji orunbasary A.Mirhoja, Täjigistanyň halk ýazyjysy S.Abdulhamid, “Dusti” žurnalynyň baş redaktory N.Zaýnuddinzoda, “Адабиёт ве санъат” gazetiniň baş redaktory, şahyr K.Nasimbek, şeýle hem Täjik türkmenleriň medeni jemgyýetiniň Başlygy D.Gaýypnazarow çykyş etdiler. 3 Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu mekdebiň iki döwletiň Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda ösdürilýän Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky mäkäm dostlugyň janly nyşany bolup durýandygy barada bellenildi. Çykyşlarda Magtymgulynyň parahatçylygy, agzybirligi we ynanyşmagy ündeýän edebi mirasynyň ynsanperwerlik we köptaraply ähmiýetine aýratyn üns berildi. 4 Döredijilik duşuşygyň çäklerinde türkmen we täjik halklarynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan sergi, şol sanda türkmen halyçylyk sungatyny açyp görkezýän ekspozisiýa guraldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kitaplary gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Täjik türkmenleriň medeni jemgyýetiniň tans toparynyň çykyşlary çäräniň medeni maksatnamasyna aýratyn bezeg goşdy. Olar ýygnanalarda ajaýyp we ýakymly duýgylary döreden milli türkmen küşdepdi tansyny ýerine ýetirdiler. 5 Şeýle döredijilik duşuşygyň geçirilmegi Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlugyň, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna möhüm goşant boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026