Habarlar

Sinszýan bilen Merkezi Aziýanyñ ýurtlarynyñ arasynda adaty hytaý lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk çig-mallary satyn almak üçin platforma işe girizildiSinszýan bilen Merkezi Aziýanyñ ýurtlarynyñ arasynda adaty hytaý lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk çig-mallary satyn almak üçin platforma işe girizildi

Sinszýan bilen Merkezi Aziýanyñ ýurtlarynyñ arasynda adaty hytaý lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk çig-mallary satyn almak üçin platforma işe girizildi

Hytaýyñ Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynda adaty hytaý lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk çig-mallary import we eksport etmek üçin täze platforma işe girizildi. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, Sinhua agentliginiñ habar bermegine görä, bu başlangyç Sinszýan bilen Merkezi Aziýanyñ ýurtlarynyñ arasyndaky söwda işini añsatlaşdyrmaga, "Bir guşak, bir ýol" başlangyjyñ çäklerindäki hyzmatdaşlygyñ ösmegine itergi bermäge gönükdirilendir.

Barmasy kyn bolan ýerleri lazer arkaly internet bilen üpjün edýän Starlink-iñ Ýerdäki bäsdeşi döredildiBarmasy kyn bolan ýerleri lazer arkaly internet bilen üpjün edýän Starlink-iñ Ýerdäki bäsdeşi döredildi

Barmasy kyn bolan ýerleri lazer arkaly internet bilen üpjün edýän Starlink-iñ Ýerdäki bäsdeşi döredildi

Alphabet holdingi tarapyndan döredilen Taara kompaniýasy lazer tehnologiýasy arkaly barmasy kyn bolan ýerleri Internet-birikmesi bilen üpjün etmekde täze çemeleşme bolup durýar. Bu kompaniýa "X ýaýraýan tehnologiýalar fabrikasyndan" tapawutlanyp, SpaceX-iñ meşhur Starlink hemra hyzmat ediş ulgamy bilen bäsdeş bolmaklygy maksat edinýär. Bu barada The Financial Times britan gazeti habar berýär.