HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Täjigistan özara söwdanyň möçberini artdyrmakçy

Maý 02, 2025 | 16:20 |5018
Taraplar özara söwdanyň möçberiniň, ýük daşamalaryň, üstaşyr söwdanyň ösdürilmegine, şeýle hem senagat kooperasiýasynyň çuňlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny beýan etdiler.Taraplar özara söwdanyň möçberiniň, ýük daşamalaryň, üstaşyr söwdanyň ösdürilmegine, şeýle hem senagat kooperasiýasynyň çuňlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny beýan etdiler.
Çeşme: khovar.tj

28-nji aprelde Arkadag şäherinde Täjigistan Respublikasynyň ykdysady ösüş we söwda minisrti Zawki Zawkizoda hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri Mämmetguly Astangulow Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Täjigistanyň “Howar” milli habarlar agentligi belleýär.

Zawki Zawkizoda iki döwletiň Başutanlarynyň – Täjigistan Respublikasynyň hormatly Prezidenti, Milli Lider Emomali Rahmonyň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatlarynyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi we olaryň täze derejä çykarylandygy barada belledi.

Taraplar özara söwdanyň möçberiniň, ýük daşamalaryň, üstaşyr söwdanyň ösdürilmegine, şeýle hem senagat kooperasiýasynyň çuňlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny beýan etdiler.

Täjik tarapy Türkmenistany 2025-nji ýylyň 29-31-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Buzlyklary gorap saklamak boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Täjigistanyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça işleri has-da işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026